Şalaryň düşlän kerwensaraýy

20 Iýun 2021
1819

Ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, Lebap welaýatynyň çäginde hem taryhy ýadygärlikleriň uly toplumy ýerleşýär. Olaryň arasynda XI — XII asyryň arhitektura ýadygärligi hökmünde tanalýan Daýahatyn kerwensaraýy ençeme ýyllardan bäri bütin dünýäniň jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekip gelýär.

Kerwensaraý ylmy çeşmelerde Daýahatyn, ilat arasynda bolsa Baýhatyn ady bilen bellidir. Daýahatyn sözi — «daýa» arap sözi bolup, türkmençe «Mülk», «Oba», «Bejerilen ýer», hatyn (puşty dilinde «gatyn») sözi bolsa «daş», «daşdan edilen» diýen manyny berýär. «Baýhatyn» diýen adyň döreýşi barada ýerli ilatyň arasynda ýaýylan rowaýatda aýdylyşyna görä, bir baý söwdagäriň owadan aýaly bolupdyr. Söwdagär argyşa gidýär. Dostlarynyň biri onuň aýaly barada myjabatly gürrüň ýaýradýar. Söwdagär aýaly baradaky myjabatly gürrüňleri eşidip, mal-mülkünden, maşgalasyndan, bar baýlygyndan geçip, pukara eşiginde sergezdan halda aýlanyp ýörýär. Onuň aýaly garaçomaklaryň ara tow düşürenine düşünýär. Ol ýanýoldaşyny tapmagy ýüregine düwýär. Baý aýal ähli ýurtlara çapar ýollap, özüniň kerwensaraý gurdurýandygyny we oňa işlemäge talabanlaryň gerekdigini jar çekdirýär. Talabanlyga onuň adamsy söwdagär hem gelýär. Töhmetli gürrüňleriň üsti açylýar, är-aýal gaýtadan durmuşa gadam basýar. Şondan soň, Merwden getirilen kerpiçlerden gurlan bu kerwensaraý hem baý aýalyň ady bilen baglanyşdyrylyp, Baýhatyn kerwensaraýy diýlip atlandyrylypdyr.

Şakir TURAÝEW,
öz habarçymyz.
Beýleki habarlar