Gadymy ussahana

17 Iýun 2021
1832

Orta asyr Abiwerd şäheri türkmen topragynyň üstünden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen taryhy ýadygärlikleriň biridir. Ençeme ýazuw çeşmelerinde kerwensaraýly, köşgi-eýwanly, uly bazarly, metjit-medreseli şäher hökmünde ýatlanyp geçilýän bu gadymy medeni merkeziň galyndylary Kaka etrap merkeziniň demirgazyk-günbatarynda üç ýüz gektara golaý meýdana ýaýylyp ýatyr. «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasyndaky bu gymmatly ýadygärligi ylmy esasda öwrenmek we gorap saklamak işleri yzygiderli ýola goýuldy.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işleri geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasynda» bellenen wezipeleri durmuşa geçirmegiň çäginde «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynda hem degişli işler alnyp barylýar. Şonuň bilen baglanyşykly, 2021-nji ýylyň iş meýilnamasyna laýyklykda, Abiwerd — Peşdag ýadygärliginde şu ýylyň ýaz möwsüminde ylmy-barlag işleri üstünlikli dowam etdirildi.

Nury ATAÝEW,
«Abiwerd»› taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar