Taryhy çeşmeler — gymmatly hazyna

13 Iýun 2021
2044

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda şeýle belleýär: «Ylymsyz durmuşyň manysy bolmaz. Ylym yzygiderli öwrenilýän we özleşdirilýän baýlykdyr. Adamlar asyrlaryň dowamynda ylym öwrenip, äpet uly ylym daragtyny kemala getiripdirler». Şeýle parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ylym ynsan durmuşynyň manysy, adamzadyň baýlygy bolup durýar.

Öz döwrüniň ylym äleminde görnükli yz galdyran alymlaryň biri-de, Muhammet bin Ahmet Gazaly Tusydyr. Ol 1058-nji ýylda Horasanyň Tus şäherine degişli bolan Gazal obasynda garyp maşgalada doglupdyr. Gazalynyň kakasy alymlaryň üýşmeleňlerine gatnaşyp, olaryň söhbetlerini diňläp, gulagy ganandan soň, ogullary Muhammediň we Ahmediň hem ylymly-bilimli bolmagyny arzuw edipdir. Muhammet Gazaly kakasynyň ýardamy bilen ilki Tus şäherinde Ahmet Razakanydan, soňra Nyşapura gidip, Jüweýniden ylym öwrenipdir. Ol özüniň ýiti zehini we ylym almaga bolan höwesi bilen halypasynyň birnäçe şägirtlerinden tapawutlanypdyr hem-de ylym dünýäsinde meşhurlyga eýe bolupdyr.

Dursunjemal BABALYÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar