Biler bolsaňyz...

25 Aprel 2021
2025

Ýer ýüzünde gülleriň müňlerçe görnüşi adamlaryň göwnüni ganatlandyrýar, olaryň ýakymly ysy beýniňi sämedýär. Soňky döwürde adamlar gülleri köpeltmek bilen has içgin gyzyklanyp başladylar. Olar muny gülleriň göwün açyjy, ruhy lezzet beriji serişdedigi bilen düşündirýärler. Siz gülleriň her dürli ysyndan lezzet alansyňyz, ýöne şokolad ysyny berýän güli bilýärsiňizmi?! Şeýle gül bar, özem Meksikada kosmos maşgalasyna degişli. Şokolad ysly bu gülüň ýörgünli ady şokolad kosmosy, ol tebigy şertlerde ösýär. Sokoladyň ýakymly ysyny berýän bu gülüň uzynlygy ortaça 40—50 santimetre, ýapraklarynyň uzynlygy 7—15 santimetre ýetýär. Gülüň diametri 4,5 santimetrden geçmeýär. Gülüň reňki goýy gyzyldyr. Bu gülleriň ysy diňe adamlary däl, eýsem, haýwanlary we mör-möjekleri hem özüne maýyl edýär. Häzirki wagtda tebigatda gaty seýrek duş gelýän şokolad ysly gül medeni usulda has köp ösdürilip ýetişdirilýär.

* * *

Taýýarlan: Altyn Tagandurdyýewa,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.
Beýleki habarlar