Reňkleriň täsiri

25 Aprel 2021
1953

Adamlar dünýäni ýüz müň dürli reňkleri üçin söýýärler. Sebäbi reňkler biziň durmuşymyzy bezeýär, ömrümizi has-da gözelleşdirýär. Dünýädäki ähli zatlaryň öz reňki, öz sudury bar. Hatda şol bir zat hem birbada birnäçe öwüşginde bolup bilýär. Meselem, zenanlaryň iň söýýän gülleriniň biri bägülüň hem ak, gyzyl, sary, mämişi, gülgüne, hatda gök reňklisi hem bar. Reňkleriň köpdürlüligi dünýäni has täsin görnüşe getirýär.

Adamzat hem tebigatdan reňkleri ulanmagy öwrenýär. Türkmen gelin-gyzlarynyň yhlas bilen dokaýan halylarynyň nagyşlary, gölleri, şeýle hem el işlerinde tebigatda bar bolan gülleriň, maýsalaryň, deňiz-derýalaryň, dag-düzleriň, janly-jandarlaryň keşpleri we reňkleri ussatlyk bilen peýdalanylýar.

Dünýägözel ÇERKEZOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar