Gözellik çeşmesi

7 Aprel 2021
1145

Özüniň gaýtalanmajak gözelligi, täsinlikleri bilen haýrana goýýan Köýtendagyň haýwanat we ösümlik dünýäsini goramak, olary ylmy taýdan öwrenmek we has-da baýlaşdyrmak ugrunda biziň goraghanamyzyň agzybir işgärleriniň alyp barýan işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Biz goraghananyň çägindäki köpsanly haýwanlary we tokaý ösümliklerini goramak, olary ylmy taýdan öwrenmek we baýlaşdyrmak işlerini utgaşykly alyp barýarys. Halkara Gyzyl kitabyna girizilen burma şahly dag geçisiniň we ýurdumyzyň Gyzyl kitabyna girizilen dag goçunyň sanynyň artmagy üçin bu haýwanlary ygtybarly goramak bilen birlikde olaryň kadaly şertlerde ýaşamaklary üçin zerur işleri geçirýäris. Şeýle işlere dag çeşmelerini arassalamak, ýabany haýwanlaryň otlaýan örülerini ýangyndan goramak, gyşyň aýazly günlerinde bolsa olary goşmaça iýmitlendirmek ýaly işler degişlidir.

Mohira HOJAMBERDIÝEWA,
Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň kiçi ylmy işgäri.
Beýleki habarlar