Nebit berýän daragt

4 Aprel 2021
1170

Dünýädäki iň täsin ösümlikleriň biri hem Braziliýanyň tropiki tokaýlarynda ösýän kopaifera ösümligi bolsa gerek. Bu ösümligiň baldagyndan akýan şire himiki düzümi boýunça dizel ýangyjyndan tapawutly däldir. Uly ýaşly kopaifera agajy bir gije-gündiziň dowamynda 20 litr «ösümlik ýangyjyny» öndürýär. Kopaiferanyň bir gektaryndan ýylyň dowamynda 12 müň litr ýangyç almak mümkindir.

Bu ösümligiň şiresi terpenlerden ybaratdyr. Agaç terpenleri adaty skipidardan emele gelýär. Skipidar agajyň sütüniniň içinde gyzyp, metanola we beýleki ýangyç uglewodorodlaryna öwrülýär.

Äşe SOÝUNOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar