Gözel tebigatyň bezegi

4 Aprel 2021
1533

Türkmen tebigatynyň ösümlik dünýäsi diýseň baý. Eziz Diýarymyzda gülleriň örän köp görnüşi ösýär. Şeýle owadan gülleriň biri hem çigildemdir. Çigildemleriň örän owadanlygy üçin adamlar hemişe olary eý görüpdirler. Gadym döwürlerde halkymyz bu güli janlanýan tebigatyň nyşany hökmünde kabul edipdirler.

Çigildemler liliýalar maşgalasyna degişli bolup, beýleki liliýalar ýaly köp ýyllyk ösümlikdir. Çigildemler bahar paslynda gögerýärler. Mart, aprel aýlarynda gülleýärler. Olar tohumlaryndan köpelip, gülläninden soň güllän ýerinde köpsanly ýasy, tohumlardan doly gozajyk peýda bolýar. Gozajyk ýarylyp, tohumlar dürli tarapa ýaýraýarlar we güýzde gögerýärler. Gozajykdan düşen ýüzlerçe tohumdan gögeren ösümlikleriň diňe birnäçesi saklanyp galýar.

Mahym AŞYROWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar