Guşlar dünýäsinde

2 Aprel 2021
1454

Türkmenistanyň çäginde hemişelik we wagtlaýyn ýaşaýan guşlaryň 430-dan gowrak görnüşi duş gelýär. Guşlar baharda höwürtgeleýärler, köpelýärler. Olaryň bir topary demirgazyk ýurtlara uçup gidýärler we ol ýerlerde jüýjelerini ulaldyp, ýene-de ýurdumyza gyşlamaga gelýärler.

Her ýylyň 1-nji aprelinde bellenilýän Guşlaryň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Ülkämiziň guşlary» atly sergi açyldy. Sergide Türkmenistanda duş gelýän guşlaryň dürli görnüşleriniň gäpleri, ýumurtgalary, höwürtgeleri, heýkelleri, şeýle-de suratlarydyr haly pannolaryň üsti bilen köpdürlüligi we owadanlygy görkezildi. Guşlara degişli ylmy kitaplardyr žurnallar bilen birlikde, bu ýerde ýurdumyzyň guşlary öwreniji alymlarynyň portretlerini hem görmek bolýar. Sergide-de görkezilen durna, karkara, çal durna, soltantowuk, togdary, toklutaý ýaly durnaşekilliler toparyna degişli guşlaryň ýurdumyzda 13 görnüşi duş gelýär.

Güljemal ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar