Arassa tebigat – gözel dünýä

25 Mart 2021
1144

Dünýäde ynsanperwer başlangyçlary, umumadamzat bähbitli beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyz gözel tebigaty gorap saklamakda köp tagalla edýär. Döredilýän oňaýly şertler ýurdumyzyň gözel tebigatyny gorap saklamaga, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmaga hem-de ylmy taýdan giňişleýin öwrenmäge giň mümkinçilikleri açýar.

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli hem-de parasatly ekologiýa syýasaty dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ekologiýa syýasaty hem-de üstünlikli amala aşyrylýan Milli tokaý maksatnamasy netijesinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döredilen hem döredilýän tokaýlyklar gözüňi dokundyrýar. Gahryman Arkadagymyz tebigatyň eçilen şeýle ajaýyp peşgeşlerini, mümkinçiliklerini rejeli peýdalanmak bilen bilelikde olaryň ygtybarly goralmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny hem ýygy-ýygydan nygtaýar. Bu babatda kanunçylyk-hukuk binýady kämilleşdirilýär, umumylykda ykrar edilen halkara kadalaryna laýyk gelýän Kanunlar kabul edildi. Şonuň netijesinde ýurdumyzda eýeçiligiň görnüşine garamazdan, edaralardyr kärhanalar, daşary ýurtly edara görnüşli taraplar, olaryň şahamçalary ýaly telekeçilik işi bilen meşgullanýan şahsy taraplar üçin hökmany ekologiýa ätiýaçlandyrmasy girizildi.

Ogulmaral KAKABAÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar