Baharystana öwrülýän mekan

24 Mart 2021
1093

(ýa-da Bötendag ýaýlasynda döredilýän tokaý zolagy barada kyssa)

Sarygamyşdan gündogara tarap, Köllük zeý akabasynyň Derýalyk zeý akabasy bilen birigýän ýerine çenli aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän, sygyryp seredip oturmaly meýdanlara umumylykda Bötendag ýaýlasy diýilse-de, her bir ýeriň aýratynlykda ady bar. Garataýyň howzy, Söýün ýatan, Balykly, Ýerburun, Akgala, Bent... Bu sähranyň ýazylman galan taryhy onuň ýer atlarynda saklanyp galana meňzeýär. Bagtyýarlyk döwrüniň şemaly bu meýdanlara hem gelip ýetdi. Özem görlüp-eşidilmedik bu özgerişler diňe bir Bötendag ýaýlasyny däl, onuň bilen goňşulykdaky Şasenem, Atgyrlan ýaýlalaryny hem gurşap aldy.

Şöhrat ABDYÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.
Beýleki habarlar