Iň ulular, uzynlar hem beýlekiler

22 Mart 2021
1360

Dünýäde iň uly haýwanlar süýdemdirijilere degişlidir. Olaryň iň äpedi gök kitdir. Onuň uzynlygy 33 metre, agramy 150 tonna barabardyr. Gök kitiň ýüreginiň agramy 700 kilograma, böwrekleriniň agramy 1 tonna, diliniň agramy bolsa 2 tonna deňdir. Kitiň aşgazanynyň uzynlygynyň 3 metre, içegeleriniň uzynlygynyň bolsa 250 metre ýetýändigi geň galdyryjydyr. Täze doglan kitiň uzynlygy 8 metre, agramy 6 tonna ýetýär.

Kitleriň kiçi görnüşleri hem bar. Olaryň käbirleriniň uzynlygy 1,5 metr, agramy bolsa 50 kilogramdyr.

Beýleki habarlar