Uzak ýaşaýan agaç

22 Mart 2021
2590

Hoz agajy uzak ýaşaýan agaçlaryň hataryna degişlidir. Dermanlyk we azyklyk häsiýeti bolan bu agajyň ýurdumyzda bir görnüşi duşýar. Oňa grek hozy ýa-da adaty hoz hem diýilýär.

Adaty hoz hozlar maşgalasyna degişli bolup, boýy 20-25 metre çenli ýetýän, bir ýa-da köp sütüni emele getirýän agaçdyr. Onuň şar şekilli ýokary başynyň gabarasynyň giňligi 20 metre çenli ýetýär. Ýapraklary örän uly bolýar. Hoz agajy, adatça, ýapragyny çykarýan wagtynda, aprel-maý aýlarynda gülleýär. Gülleri aýry ownuk, ýaşylymtyl reňkli bolýar, ýeliň kömegi bilen tozanlanýar. Miwesi sentýabr--oktýabr aýlarynda ýetişýär. Miwesi togalak ýa-da süýnmegräk şar görnüşli, gara-ýaşyl reňkli galyň gabyk bilen örtülen uly şänik bolýar. Agaçlaşan gabygynyň içinde ikileýin tohum-maňyz ýerleşýär. Hoz agajy tohumyndan we düýbünden çykan ösüntgilerinden köpelýär. Bu agaç 10-12 ýaşynda miwe berip başlaýar. Doly miwe berip başlamak, adatça, 30-40 ýaşynda başlanýar.

Mähri JALTYKOWA,
tebigaty öwreniji.
Beýleki habarlar