Gabagyn galdyryp, älem oýandy

20 Mart 2021
1375

Garaşsyz, baky Bitarap ata Watanymyza bahar pasly gelip, bütin tebigaty mahmal howasy bilen gaplap aldy. Tebigat gyşyň ýapan ak donuny çalşyryp, al-ýaşyl nagyşlara beslenen owadan lybasyny geýdi. Gün ene ýere ýyly demini berip, bütin barlyk janlanyp, baglar pyntyk ýaryp, sähralar, çöller älemgoşar reňkli güllere beslenip, ýaşaýşyň baky sazlaşyk sazyny çalýan ýaly. Gadym döwürlerden bäri ýaz pasly täzelenişiň nyşany hökmünde täze günüň, täze durmuşyň başlangyjy hasaplanýar. Bahar paslynyň gelmegi bilen janlanyşyň, direlişiň, täzelenişiň ajaýyplygyny özünde jemleýän Nowruz mübärek gadamlary bilen bagtyň, baharyň buşlukçysy bolup gapylary kakýar.

Halklaryň arasynda Nowruz baýramynyň bellenilişinde käbir aýratynlyklar hem bolupdyr. Özbek halky şol gün ak lybas geýnip, öz bişiren tagamlaryny alyp meýdana çykyp, dürli oýunlar oýnapdyrlar. Nowruz güni ot ýakyp, üstünden böküpdirler. Beýleki musulman halklarda bolşy ýaly, olarda hem otdan bökseň, günälerden saplanyp bolýar diýen ynanç bolupdyr.

Şasenem HEKIMOWA,
Türkmenistanyň ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar