Bahar pasly (Oýlanma)

20 Mart 2021
2427

Bahar! Ýaşyl ýaşaýşyň, al-elwan sähra gülleriniň gözelligini äleme ýaýýan bahar! Heý-de, bu pasly gowy görmeýän barmyka?! Megerem, ýok bolsa gerek. Joşgunly bahar pasly özüniň gelşini Gögi gümmürdedip, öýlänçi ýagşyny şybyrdadyp duýdurýar. Asmandaky bulutlar uzak gözýetimden örüp gelýän dowar sürüsi ýaly, şadyýanlyk bilen göç edýärler. Şeýle pursatlarda kalbyň heýjana gelýär-de, şahyr Halyl Kulyýewiň «Bahar buşlukçysy» atly goşgusyny biygtyýar ýatlaýarsyň:

Gaýalaryň gary eräp bireýýäm,
Pyntyklady pisse bilen badamlar.
Bahar ýeli aýnalary kakyp ýör,
Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar!

Orazjemal MÄTEROWA,
Murgap etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň okuwçysy.
Beýleki habarlar