Belent sepgitleriň buýsanjy

17 Mart 2021
2006

Döwletli Diýarymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde halk hojalygynyň ähli ugurlarynda giň gerimli, toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar. Şol özgertmeleriň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň döwlete degişli bolmadyk ulgamyny, ýagny telekeçiligi goldamak we ösdürmek döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda Arkadag Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, parasatly syýasaty netijesinde 2008-nji ýylyň 17-nji martynda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bu gün özlerine bildirilen belent ynama jogap edip, mynasyp işleri bitirmegi başarýarlar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda kiçi we orta telekeçiligi, hususy başlangyçlary netijeli ösdürmek üçin hemmetaraplaýyn şert-mümkinçilikler döredildi. Bular bolsa telekeçilerimizi has-da döredijilikli, öndürijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Häzirki wagtda türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleriniň içerki bazarlarda bolşy ýaly, daşary ýurt bazarlarynda hem uly isleglere eýe bolmagy diýseň guwandyryjydyr. Şol arzyly önümleriň, döwrebap harytlaryň içerki we daşarky bazarlarda hyrydarlarynyň köp bolmagy olaryň ýokary hil derejesi we ekologiýa howpsuzlygy bilen tapawutlanýanlygyndadyr.

Toýmämmet HAJYÝEW,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar