Hyrydarly önümler

12 Fewral 2021
2565

«Gala»! Bagtyýar şu günümizi taryh bilen baglanyşdyrýan bu haryt nyşany Gökdepe dokma toplumynda öndürilýän önümleriň gymmatyny beýgeltmek bilen birlikde, türkmen dokmasynyň milli aýratynlygyny dünýä bazarynda tapawutlandyrýan özboluşly nusgadyr. Önümçilik düzümi yzygiderli artdyrylýan bu dokma kärhanasynda ýokary hilli ýüplükler bilen birlikde, taýýar tikin önümleriniň ençeme görnüşi öndürilýär. Gözellik, ykjamlyk berlip, ýokary derejede taýýarlanýan önümleriň hataryny ululy-kiçili oglan-gyzlar üçin niýetlenen sport lybaslary, trikotaž önümleriniň dürli görnüşleri düzýär. Toplumyň bölümleriniň sazlaşykly hereketi netijesinde, ýokary hilde tikilýän önümler göwnemakul bezegler bilen baýlaşdyrylýar we göze gelüwli gaplara gaplanyp, halka hödürlenýär.

Her bir başlangyç özüniň şowly netijesini berende, iş diňe öňe ilerlemek bilen bolýar. Golaýda ýurdumyzyň dokma kärhanalarynda gyş pasly üçin niýetlenen kurtkalaryň önümçiligi ýola goýuldy. Täze önümçilik Gökdepe dokma toplumynyň bölümlerinde-de giň gerim aldy. Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyny ýokary derejede garşylamagy öz öňünde belent maksat edinýän toplumyň hünärmenleri bu önümçiligi-de kemsiz ele aldylar. Geýeniňde amatly, döwrebap, ýokary hilde taýýarlanylan kurtkalar ildeşlerimiziň göwnünden turdy. Dokma önümlerine ýöriteleşdirilen dükanlaryň haýsy birine barsaň, ildeşlerimiziň ol kurtkalary höwes bilen satyn alýandygynyň şaýady bolýarsyň. Bu gün dükanlaryň tekjelerini eziz Diýarymyzyň dokma senagatynyň gözüňi dokundyrýan önümleri bilen birlikde, «Gala» haryt nyşanly önümleriň-de dürli görnüşleri bezeýär. Golaýda «Gala» dükanynda bolanymyzda, kärhananyň baş direktorynyň orunbasary Guwanç Rejebalyýewe gabat geldik.

Aýnabat DURDYÝEWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ýuriý ŞKURIN.
Beýleki habarlar