Çopanyň bagy

10 Fewral 2021
908

Çopan aga ömrüni ene topraga hyzmat etmäge bagyşlan adam. Şonuň üçin onuň daýhançylygyň ähli ugurlaryndan baý iş tejribesi bar. Ol diňe bir ussat gallaçy, pagtaçy hökmünde däl, eýsem ussat bagban hökmünde hem özüni tanatmagy başardy.

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Nalajyň gyryny etekläp oturan Harmanjyk obasyna ýetäýen ýeriňde, uly ýoluň ýakasynda daş-töweregine seteran derekler ekilen, elesläp oturan baga gözüň düşýär. Bu baga hemmeler Çopanyň bagy diýýärler. Awtobusda ýolagçylar gidip barýandyr. Sürüji adamlara ýüzlenip, Çopanyň bagynda düşjegiň bardygyny ýokdugyny sorar. Uly ýoldan her günde awtobus näçe gezek geçse, bu sözler şonça gezegem gaýtalanar.

Şöhrat ABDYÝEW.
Beýleki habarlar