Mallaryň idegi göwnejaý

9 Fewral 2021
989

Berkarar Diýarymyzyň ýaşaýjylaryny maldarçylykdan alynýan ýokary hilli azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer döwlet syýasatynyň esasyny düzýän möhüm ugurlaryň biridir. Balkan welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Türkmenbaşy, Serdar, Etrek etraplaryndaky maldarçylyk hojalyklarynda hem bu ugurda döwrebap işler alnyp barylýar. Geçen önümçilik ýylynda mallardan owlak-guzy, köşek almak, et we beýleki maldarçylyk önümlerini taýýarlamak baradaky meýilnamalaryna abraý bilen amal etmegi başaran welaýatyň çarwadarlary häzirki dowam edýän gyş paslyny hem üstünlikli geçirýärler. Çarwadarlaryň irginsiz tagallalary bilen, häzirki wagtda welaýatdaky döwlet eýeçiligindäki dowarlaryň 75 müňden gowragy we düýeleriň 2 müň 978-si amatly öri meýdanlarynda gyşladylýar.

Serdar etrabynyň «Gyzylarbat», Türkmenbaşy etrabynyň «Balkan» we Etrek etrabynyň «Gyzylbaýyr» maldarçylyk hojalyklarynyň çarwadarlary şu günler Garagum sährasynyň jümmüşindäki hem-de Köpetdagyň eteklerindäki örülerde bakylýan dowarlary orta we ortadan ýokary semizlikde gyşlatmak üçin tagallalaryny gaýgyranoklar. Mallaryň dok we ýyly gyşladylmagy üçin ýörite döredilen toparlar tarapyndan geçen ýyl meýdan otlarynyň 1 müň 285 tonnasy, iri baldakly otlaryň, samanyň we ýandagyň jemi 4 müň 44 tonnasy irgözinden taýýarlanyldy. Medeni zolakdan uzakda, Garagum sährasynyň jümmüşinde we dag eteklerinde bakylýan dowar sürüleriniň gyşladylýan örülerindäki kaşarlardyr ýataklar öz wagtynda gözden geçirilip, abatlanyldy we ol ýerlere ätiýaçlyk ot-iýmleriň hem öz wagtynda düşürilip goýlandygyny aýratyn nygtamak gerek.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar