Watansöýüjiligi wagyz eden sergi

3 Fewral 2021
2085

­­­­

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň maýor Muhammetmyrat Baýryýewiň müdirlik edýän Soltan Sanjar adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde geljekde ata Watana wepaly serkerdeleri terbiýeläp ýetişdirmekde, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli ýaşlary taýýarlamakda mynasyp işler amala aşyrylýar. Geljekki Watan goragçylaryna ata-babalarymyzyň şan-şöhratly taryhy geçmişi hem-de şu güni hakynda giňden öwredilýär. Golaýda bolsa welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde taryhymyzy we şu günümizi wagyz edýän sergi açyldy. Harby okuwçylar mekdebiň taryh mugallymy Eýýub Allanazarowyň ýolbaşçylygynda şol sergä gatnaşdylar hem-de ata Watanymyzyň taryhy barada giňişleýin maglumatlar aldylar. Sergi harby okuwçylaryň ata Watanymyzyň taryhy bilen bagly maglumatlary has-da çuňňur öwrenmeklerine özboluşly badalga boldy.

Annaberdi ILÝASOW,
maýor.
Beýleki habarlar