Şöhratly taryhyň aýdyň beýany

1 Fewral 2021
2055

Türkmenistan gadymy we orta asyrlarda döredilen hem-de öz wagtynda dünýäniň ösen ylym-bilim, medeniýet merkezleri hökmünde meşhur bolan şäherleriň mekanydyr. Orta asyrlarda türkmen topragyna syýahat edip, bu ýeriň ajaýyp şäherlerini synlan taryhçylar, syýahatçylar geň galdyryjy hem-de gymmatly maglumatlary galdyrypdyrlar. Bu maglumatlar halkymyzyň baý taryhyny öwrenmekde möhüm çeşmelerdir. Orta asyrlarda Türkmenistana gelen syýahatçylaryň eserlerinde ýurdumyzyň şähergurluşyk, binagärlik aýratynlyklary bilen bir hatarda ösen medeniýeti hakynda hem giňişleýin beýan edilipdir.

Orta asyrlarda söwdanyň ösmegi bilen, Gündogarda geografiýa ylmy hem ösüpdir. IX we X asyrlarda geografiýa ylmy boýunça iki nusgawy mekdep kemala gelipdir. Olar IX asyryň ortalarynda kemala gelen Yrak geografiýa mekdebi we X asyrda meşhur bolan Balh geografiýa mekdebidir.

Parahat DURDYGYLYJOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň aspiranty.
Beýleki habarlar