Wepadarlygyň belent nusgasy

31 Ýanwar 2021
1040

2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan edilmeginiň çuňňur manysy bar. Çünki türkmen halkynyň goňşular bilen dostana gatnaşyklaryna beýik sarpasy, asuda durmuşy gorap saklamaga bolan hyzmatyna goýýan hormaty gadymdan gelýän ýörelgedir. Pederlerimiz birek-birege ynanyşmagyň, asudalygy, parahatçylygy saklamagyň hut maşgaladan başlanýandygyny perzentlerine düşündiripdirler.

Garaşsyz hem baky Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli oňyn daşary syýasy ugry, onuň yklymara ýollarynyň çatrygynda amatly ýerleşmegi sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezi hökmünde eziz Diýarymyzyň abraýyny has-da belende galdyrmaga ýardam edýär.

Şasenem HEKIMOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar