Baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjegini gurşap aldy

27 Ýanwar 2021
1458

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinde bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň ähli künjeginde giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Baýramçylyk mynasybetli dabaralar harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň gatnaşmaklarynda ir säher bilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde hormatly Prezidentimiziň atasy, ussat mugallym, watançy esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline, şeýle hem «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna ter gül desselerini goýmak dabarasyndan başlandy. Soňra Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň gatnaşmaklarynda Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanan dabaraly ýygnak geçirildi.

Ýygnagyň başynda hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna we işgärlerine ugradan Gutlagy okaldy.

Nurmyrat ÇARYÝEW,
maýor.
Beýleki habarlar