Pederleriň ýoly ýaşaýyş-durmuşda bize baky şamçyrag

27 Ýanwar 2021
1240

Islendik ynsanyň durmuş ýoly onuň saýlap-seçen käri bilen kesgitlenilýär. Watan goragy deýin mukaddes käri ömrüne hemra edinen, eziz Diýarymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza ak ýürekden gulluk edip, harby borjy birkemsiz berjaý edýän harby gullukçylaryň durmuş ýollary bolsa, nesillere ýörelge bolup, baky ýaşaýar. Olaryň mynasyp berjaý eden harby borçlary, göreldeli gulluklary, görkezen edermenlikleri Watan goragçylarynyň täze neslini kemala getirmekde diýseň möhüm ähmiýete eýedir. Çünki hemmämize mälimdir, pedagogikada terbiýe bermegiň tärleriniň, usullarynyň arasynda iň täsirlisi hem ýörgünlisi — görelde görkezmek. Sebäbi adam, köplenç, özgäniň hereketini gaýtalaýar, onuň oňat häsiýetlerini özünde ornaşdyrmagyň hyýalynda bolýar. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň arasynda harby gullugyň weteranlary, merdana Watan goragçylary bilen duşuşyklary, olary sarpalamak bilen bagly çäreler yzygiderli guralýar. Öz ömrüni ata Watanymyzyň mukaddes goragyna bagyşlan halypa harby gullukçylar bolsa sanardan juda kän. Olaryň arasyndan harby gullugyň ätiýaçdaky polkownigi Myrat Hüseýinowyň, harby gullugyň ätiýaçdaky podpolkownigi Meretgeldi Kakajykowyň atlaryny aýratyn bellemelidiris.

Kerim MYRADOW,
uly leýtenant.
Beýleki habarlar