Ýylyň adyna buýsanç

26 Ýanwar 2021
1055

Taryhy şanly döwletimiz
Garaşsyz, hemişelik Bitarap,
Türkmenistan — parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany.
Bedew batly gadamlarymyz
bagtdan paýly ertirlere tarap,
Türkmenistan — parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany.

Gysym gumy duz dek mukaddes,
bu toprak känim, baýlygym-barym,
Görsem diýp her kim eder höwes,
jennete bäs edýär gül Diýarym,
Milletiň sesine goşup ses,
joşup hem buýsanyplar diýýärin —
Türkmenistan — parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany.

Döwrangeldi AGALYÝEW.
Beýleki habarlar