Howsala

25 Ýanwar 2021
881

(hekaýa)
Bu gün hem adatdaky ýaly, Gün ýaşansoň esli wagt oýna güýmendik. Ala-garaňkylykda mallary öňümize salyp, oba sary ýola düşdük. Birden wagtyň bir çene barandygy, mallaryň sanynyň tükelligi ýa däldigi baradaky howsala ýüregimi gysdyryp ugrady. Hawa, ýüregiň gysyp ugradymy, diýmek, bir ýakymsyzlyk bardyr. Ýa mallaryň sany tükel däldir ýa-da öýüňe baraňda, giç geleniň üçin igenç eşidersiň.

Kelläme gelen pikirden hiç saplanyp bilmedim. Ýüregim bir zady syzan ýaly boldy. Süriniň gapdaly bilen ylgap, ýabyň raýşyna çykyp, mallary gaýta-gaýta sanadym. Hemmesi ýerbe-ýer, toklularyň sany tükel, işşekler hemişekileri ýaly biri-birine gysylyşyp barýarlar, öweçler hem süriniň öňünde. Birden üstümden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Hemişe süriniň ortasynda ýöreýän maň goýun ýokdy. Yzyma dolanjak bolsam, eýýäm oba golaý gelipdik, garaňky hem mazaly düşüpdi. Näme bolsa-da, kakama aýdyp, onuň bilen bile gözlemäge gitmekden başga alajym ýokdy. Şonuň üçin tizräk öýe ýetmek üçin mallary haýdaberdim.

Humarjan HASANOWA,
Çärjew etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy.
Beýleki habarlar