Netijeli hyzmatdaşlyk

24 Ýanwar 2021
1191

Baky Bitarap Watanymyz sebitde durnukly ösüşi pugtalandyrmaga, goňşy döwletler bilen, şol sanda doganlyk Owganystan Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýär. Iki doganlyk ýurduň halklaryny köpasyrlyk dostluk gatnaşyklary we taryhy-medeni umumylyk birleşdirýär. Bu hoşniýetli gatnaşyklar häzirki döwürde türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ygtybarly binýadyny emele getirýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda iki ýurduň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň anyk işlerde beýan tapmagy buýsandyryjy ýagdaýdyr.

Ýakynda Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça elektrik geçirijisiniň, Akina — Andhoý beketleriniň aralygyndaky demir ýolunyň, Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) we Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) ugurlary boýunça halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we üstaşyr geçelgeleriniň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar baky Bitarap Watanymyzyň goňşy owgan halkynyň durmuş-ykdysady ösüşini goldaýandygynyň ýene bir görkezijisi boldy. Bir günde birnäçe iri taslamanyň ulanmaga berilmegi maksatnamalaýyn taslamalaryň sazlaşykly, yzygiderli esasda durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Beýleki habarlar