Türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine tarap möhüm ädim

22 Ýanwar 2021
1165

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew möhüm resminama gol çekilmegini mübäreklediler

21-nji ýanwarda türkmen paýtagtynda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Prezident Ilham Aliýew onlaýn görnüşde bu möhüm resminamanyň kabul edilmegini mübäreklediler.

«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar