Parahatçylygyň we ösüşleriň şamçyragy

22 Ýanwar 2021
1852

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda türkmen Bitaraplygynyň taryhy köklerini, ähmiýetini doly açyp görkezýär. Döwlet Baştutanymyz golaýda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde täze kitabynyň mazmuny hakynda söz açyp: «Häzirki döwrüň örän möhüm wezipelerini çözmekde biziň döwletimiziň halkara hukuk ýagdaýynyň ornuny görkezmegi maksat edindim. Ähli ýurtlary birleşdirmäge gönükdirilen işleri mundan beýläk-de amala aşyrmagyň mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn seljerdim. Bu kitap parahatçylygyň, ösüşiň we bütin adamzadyň ýagty geljeginiň hatyrasyna halklary birleşdirýän ideýalaryň mizemez ähmiýetini okyjylara açyp görkezýär» diýip belledi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylygy söýmek, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk, özygtyýarlylygyny, çäkleriniň bitewüligini hormatlamak ýaly, ajaýyp ýörelgeleri öz içine alýar. Türkmen Bitaraplygy harby bileleşiklere gatnaşmazlygy, dini garaýyşlary hormatlamagy, açyklygy hem-de halkara derejesinde emele gelýän kynçylyklary gepleşikler arkaly çözmäge taýýardygyny aňladýar.

Mirhan TUWAKOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar