Soltan Razyýa

21 Ýanwar 2021
2670

Soltan Razyýa Hindistanda höküm süren Deli türkmenleriniň soltanlaryndan Şemseddin Iltutmuşyň gyzydyr. Bu zenan edebiýatlarda Razyýa Mälike, Razyýa soltan, Razyýa hatyn diýlip hem ýatlanylýar.

Soltan Şemseddin Iltutmuşyň uly ogly, tagta mirasdüşer bolmaly Bengal häkimi Nasyretdin Iltutmuş tarpa-taýyn aradan çykýar. Soltan gyzy Razyýany özüne mirasdüşer bellemegiň aladasy bilen bolýar. Wezir-wekilleriniň bu pikirine garşy çykmagyna garamazdan, soltanyň: «Meniň ogullarymyň hiç haýsysynda ýurdy dolandyryp biljek ukyp ýok. Şonuň üçinem olar ýurtdaky asudalygy saklap bilmezler. Bilip goýuň, mirasdüşer şalyga hiç haýsy Razyýadan mynasyp däldir. Sebäbi Razyýa erkek doganlaryndan hemmetaraplaýyn üstündir. Ol zenan bolsa-da, akyly we paýhasy erkeklerden tapawutlydyr» diýen sözünden soňra ygtyýarnama berilýär.

Gyzylgül TAGANDURDYÝEWA,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar