Döwletli başlangyçlaryň rowaçlanmasy

17 Ýanwar 2021
1472

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz ýurdumyzyň baky bagt daragty has-da boý alýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna gadam basan ýurdumyz ösüşlerden-ösüşlere barýar. Şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny toýlajak Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň, abadançylygyň, bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde tanalýar.

Geçen ýylyň dowamynda durmuşa geçirilen beýik işlere göz aýlanyňda gazanylan üstünliklere, ýetilen belent sepgitlere guwanjyň goşalanýar. Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygy hem-de özüniň diplomatik işini strategik ugurlaryň ikisi boýunça amala aşyrýar. Munuň özi daşary ýurt döwletleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmakdan hem-de halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmekden ybaratdyr.

Şemşat HUDAÝBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň talyby.
Beýleki habarlar