«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024
Türkmen halky dünýä medeniýetiniň ösüşine özüniň naýbaşy gymmatlyklary bilen goşandyny goşup, halkara arenasyndaky abraýyny yzygiderli artdyryp gelýändigini taryhyň gatlary, şu günüň rowaçlykly ösüş menzilleri şöhlelendirýär. Halkymyzyň ruhuna, häsiýetine kybapdaş gelýän, özüniň gözelligi, ýyndamlygy bilen dünýä halklaryny haýrana goýýan behişdi bedewler Gahryman Arkadagymyzyň paýhas eleginden geçen naýbaşy eserlerinde gahrymanlaryň çeper keşpleri, durmuş pelsepeleri arkaly beýan edilýär. Türkmen halky bedewi idetmek, ony seýislemek, şeýle hem aty tanamak işinde asyrlarboýy toplanan tejribä daýanypdyr. Bu ýörelgeleriň türkmeniň aňynda gadymy döwürlerden kämilleşip sungat derejesine ýetmeginiň özi halkymyzyň bu gymmatlyga goýýan sarpasyndan, sylagyndan nyşan.