Taryhyň gatyna siňen gatnaşyklar

6 Ýanwar 2021
2201

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky haryt alyş-çalşygy senetkärçiligiň pajarlap ösmegine itergi beripdir. Halkara söwdanyň ösüp başlan ilkinji zamanlarynda hytaýly täjirler Parfiýadan owadan hem ýel deý ýüwrük ahalteke bedewleri, şeýle hem olaryň iýmini äkidipdirler. Hytaýlylaryň islegli harytlarynyň ýene biri-de üzüm eken.

Ýurdumyzda gazuw-agtaryş işlerini geçiren arheologlar eneolit we irki bürünç eýýamynyň ýadygärlikleriniň medeni gatlaklaryndan üzüm dänejiklerini tapdylar. Hytaýlylar özge ýerlerden getirip, öz ýurduna hoz, nar, injir ýaly miweli agaçlary, şeýle hem sogan, käşir, noýba, hyýar ýaly gök ekinleri hem ýaýradypdyrlar. Orta Aziýalylar şetdalydyr gawun-garpyzlar, şeýle-de tazylar, elguşlar, guýrugy elek ýaly goýunlar kimin öý haýwanlaryny-da kerwenlerde alys ýerlere äkidipdirler. 

Aýşa ALYÝEWA,
Farap etrabynyň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar