Rowaçly tutumlar

5 Ýanwar 2021
1425

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygy pudagynda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. Oba hojalygyny ylmy esasda ösdürmek, ony düşewüntli pudaga öwürmek we häzirki zaman kämil tehnikalaryň hasabyna onuň tehniki binýadyny pugtalandyrmak ugrundaky tagallalar şol özgertmeleriň içinde möhüm orun eýeleýär. Pudagy döwrebap ösdürmek maksady bilen, seleksiýa işinde innowasion tehnologiýalaryň giňden peýdalanylmagyna, ýer-suw serişdeleriniň netijeli ulanylmagyna uly üns berilýär.

Oba hojalyk pudagyny suw bilen doly üpjün etmek üçin, suw desgalary, akabalar gurulýar, suw göterijiler, şeýle-de suw tygşytlaýjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Oba hojalygynda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna gönükdirilýän işler oňyn häsiýete eýe bolýar. Bu ugurdaky tagallalar tamamlanan şanly ýylda oba hojalygynyň ähli ugurlarynda belent sepgitlere ýetmäge şert döretdi. Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagynda belleýşi ýaly, merdana daýhanlarymyz galla we pagta taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen berjaý etdiler. Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan hem köp guşgursak bugdaý, 1 million 250 müň tonnadan gowrak “ak altyn” tabşyrmagy başardylar.

Gülendam JUMAKULYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar