Bäherden etrabyndan gowşan habarlar

5 Ýanwar 2021
1194

Maldarlaryň gyş aladalary

Etrabyň maldarlary gyşyň häzirki aýazly günlerinde jemgyýetçilik mallarynyň dok we ýyly gyşladylmagyny gazanýarlar. Möwsümiň öň ýanynda agyllaryň, kaşarlaryň, sygyr we düýe ýataklarynyň abatlaýyş-bejeriş işlerine jogapkärli çemeleşilmegi, ýeterlik mukdardaky ýorunja bedesiniň, ýandagyň, meýdan otlarynyň, samanyň, şireli otlaryň, şeýle-de arpa, kepek, sarun ýaly güýçli iýmleriň taýýarlanyp, mallaryň gyşladyljak ýerlerine daşalmagy bu babatda uly ähmiýete eýe boldy. Mallaryň doly derejede dok we ýyly gyşladylmagyny üpjün edýär.

Aýjahan MÜLKIÝEWA,
«Ahal durmuşy».
Beýleki habarlar