Serkeç — gadymy käse gap

5 Ýanwar 2021
2522

Ata-babalarymyzyň ir döwürde ulanan öý-hojalyk esbaplarynyň, gurallarynyň ençemesi wagtyň geçmegi bilen mirashana gymmatlyklaryna öwrülip galdy. Şeýle gymmatlyklaryň ençemesi Babadaýhan etrabynyň Täze ýol obasyndaky hormatly Prezidentimiziň atasy, ilhalar ynsan, halypa mugallym, watançy esger Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän mirashanada hem saklanylýar.

Şolaryň biri-de edil susaga meňzäp duran serkeçdir. Käse gap hökmünde ulanylan serkeçler öňki döwürde uzak ýola gidilende, ýazlaga çykylanda ulanylypdyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen çap edilen «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde» bu söze şeýle düşündiriş berilýär: «Serkeç —at. Ýola çykylanda käse salmak we onuň döwülmezligi üçin gaýyşdan, keçeden we ş.m ýörite tikilýän gap, guty». Serkejiň, esasan-da, çarwaçylyk bilen meşgullanýan ilatyň arasynda köpçülikleýin ulanylandygyny mirashana işgärleri aýdýarlar.

Annamyrat BERDIMYRADOW,
Babadaýhan etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar