Ýaşlar öňe barýar Arkadag bilen!

4 Ýanwar 2021
1526

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýyly sahawatly ülkämize bagt bolup gelýär. Täze ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi bütin dünýäde parahatçylygy ýola goýmak halklaryň arasynda birek-birege ynanyşmak arkaly dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda halkara giňişliginde aýgytly çykyş edip gelýän Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky belent tutumlarynyň ykrarnamasydyr. Ajaýyp günler bilen gelýän hoş habarlar ruhuňy belende göterýär. Toýly günler bilen şöhratlanýan Watanymyzyň beýik ösüşlerini nazarlaýan sepgitleri, ýatdan çykmajak şanly wakalary dünýä ýüzüne ýaň salýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýaşlarymyzyň okuw, iş we durmuş şertlerini barha gowulandyrmak baradaky tutumlaryň gerimi barha giňeýär. Munuň özi bolsa geljekde Watany has hem ýokary sepgitlere ýetirmäge, ukyply ýaşlaryň kemala gelmegine badalga bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň paýhas dürdänesinden gözbaş alan ýaşlar syýasatynyň düýp mazmuny hem hut şu aýdyň maksada gönükdirilendir. Ýurdumyzda bu syýasaty üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli zerur bolan mümkinçilikleriň döredilýändigi biz, ýaşlary has hem buýsandyrýar. Her ýylyň özüniň rysgal-berekedi, şan-şöhraty bilen gelşi ýaly, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly hem halkymyza buýsanç duýgularyny bagyşlady.

Ýurdumyzda ýaşlaryň dünýäniň iň soňky gazanan tehnologiýalaryndan, multimediýa enjamlaryndan oňat baş çykaryp, döwrebap bilim-terbiýe almagy, özleriniň saýlan hünärleriniň eýeleri bolmagy, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan arassa, ilhalar, watansöýüji nesiller bolup ýetişmekleri üçin hemmetaraplaýyn goldaw bermek milli Liderimiziň öňde goýýan baş wezipeleriniň biridir. Mähriban Arkadagymyzyň aladalary bilen güneşli ülkämiziň ruhubelent ýaşlary özleriniň okamaklary, öwrenmekleri, döretmekleri, önjeýli, halal zähmet çekmekleri üçin döredilýän şertlerden, mümkinçiliklerden ruhlanyp ýaşaýarlar.

Orazgeldi HEMRAÝEW,
TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.
Beýleki habarlar