Daňlak (Hekaýa)

4 Ýanwar 2021
1138

Men daň atmagyna howlugýan. Sagadyma-da seredemok, daşaryk gözüm düşenden, wagtyň nä çenräkdigini dessine aňlaýan. Şonda-da: «Entejig-ä wagt bar eken» diýip, düşegime geçip, ynjalyp bilemok, derrew daraklygyma basyp, açyk eýwana tarap ýelk ýasaýan. Gulagymda galypdyr: «Säher bilen üstüne Gün dogurtman ören kişä perişdeler rysky iki esse köp paýlarmyş» diýip. Ondanam-a tamakin bolman duramok weli, meniň daňlak görmekden binesip bolasym gelenok. Onuň dogjagynam guşlar buşlap ugraýarlar. Beýik jaýymyzyň onunjy gatyndan el uzatsaň ýetäýjege meňzäp duran bagzarlygyň içinden ilki meniň ýaly has howlukmajrak, soň «menem senden galmaýyn» diýýän ýaly oňa goşulyşýan, yz ýanam bazar söwdasyna eňen ýaly birden gürre göterläge-de, sazlaşyp goşulyp gidiberýän guşlaryň owazy gulaga gelip ugrar. Ömrüň täze dogup gelýän gününiň ýene bir tükeniksiz lezzetiniň el-ýüzüňe tämiz suw degirmezden owal gulagyňy guşlaryň sesine ýuwmakdygyny sizem bilýänsiňiz-le. Pah, onuň lezzeti, berýän keýpiçaglygy aňyrdandyr. Ol owaz Erem bagyndan gelýän ýaly göni gulakdan girip, on iki süňňüňi bogunma-bogun yzarlap barşyna, göni ýürege baryp ornaýar.

Berdinazar şahyrda bardyr-a şeýle setirler:

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
ýazyjy.
Beýleki habarlar