Beýik döwletiň beýik milleti bardyr

29 Noýabr 2024
215

Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitaby bütin halkymyz üçin gymmatly sowgatdyr

Çeper döredijilige gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, däp bolşy ýaly, zähmet rugsadynda — dynç alyş günlerinde döredijilik bilen meşgul bolup, «Hakyda göwheri» atly täze kitabyny ýazmagy bütin halkymyzy begendirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji noýabrda Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentiniň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidentiniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirip, onuň barşynda täze kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi. Munuň özi ýurdumyzda milli taryhymyzy, medeniýetimizi we gymmatlyklarymyzy öwrenmäge, ony geljek nesillere ýetirmäge, dünýä ýaýmaga aýratyn üns berilýändigine şaýatlyk edýär.

«Nesil».
Beýleki habarlar