Şadiwanyň şuglasy

4 Ýanwar 2021
2442

Eziz Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabyndaky hekaýatlar we rowaýatlar ummanyndan

...Bu sebitiň demirgazyk çetinde Döwkesen şäheri bar. Onuň gala diwarlary hem-de binalary Üstýurt tekizliginiň üç sany eňňit ýerinde gurlup, bu ýerden ýokary galyp, howalanyp görünýär. Oňa «Arwahlaryň kesen galasy» — Döwkesen diýilýär. Bu gadymy ilatly ýeriň taryhy has ir döwürlerden, biziň eýýamymyzdan öňki VI — III asyrlardan başlanýar, alymlar onuň Wezir şäheri bolandygy hakynda belläp geçýärler. Bu şäheriň kuwwatly içki galasy hem-de ybadathanasy bolup, ol orta asyrlarda hem ýaşapdyr. Onuň üstünden Russiýa tarap kerwen ýollary geçipdir. Şäheriň köne sudurynda tekizligiň iň çetinde uly şäher ybadathana metjidiniň galyndylary saklanypdyr. Onuň ýanynda hem iki sany aramgäh bar. Olaryň gurulmagyny meşhur Perhat bilen Şiriniň atlary bilen baglanyşdyrýarlar. Rowaýatlaryň birinde Derýalyk hem-de Sarygamyş çäklerinde, Amyderýanyň gadymy hanasynyň ugrunda ir zamanlarda kuwwatly Edhem şanyň hökümdarlyk edendigi gürrüň berilýär. Şol patyşanyň Şirin atly owadan gyzy bar ekeni. Oňa daş ýonujy Perhat hak aşyk bolup, gyz hem ony ýürekden söýüpdir. Patyşa gyzyny daş ýonuja durmuşa çykarmak islemeýär, ýöne birden garşy bolup, gyzynyň göwnüne degmegi hem unamaýar. Şonuň üçinem Üstýurt gaýalarynyň eňňidinde uly ýap gazyp, ýokarsynda berkitme guran adama gyzymy berjek diýip yglan edýär. Perhat iňňän ussat daş ýonujy hem bolsa, beýle kyn iş oňa başardar ýaly dälmiş. Şonda Şirin hilä ýüz urýar. Gündiz Perhadyň bir özi işleýär, gijesine bolsa Şirin özüniň müň sany guluny şol ýere işlemäge ýollaýar.

Beýleki habarlar