2021-nji ýylyň şygaryny wagyz etmek boýunça wezipeler kesgitlenildi

1 Ýanwar 2021
1688

AŞGABAT, 31-nji dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Erkin döredijilik mekanynda 2021-nji ýylyň şygaryny we nyşanyny wagyz etmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça maslahat geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, ýakynda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Ruhyýet köşgünde geçirilen bilelikdäki mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzdan, döwlet edaralaryndan, iri jemgyýetçilik guramalaryndan we syýasy partiýalardan gelip gowşan köp sanly teklipleri nazarda tutup, 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygaryny hem-de onuň nyşanynyň taslamasyny makullady.

Beýleki habarlar