GERÇEKLERE RUHY TAGZYM

6 Noýabr 2024
295

Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda ähli uruş meýdanlarynda wepat bolanlarynyň we 1948-nji ýyldaky Aşgabat ýer titremesiniň pidalarynyň hatyrasyna Ýalama güni bellenilip geçilýär. Olaryň şanyna paýtagtymyzda ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak dabarasy geçirilýär.

Watanymyzyň azatlygy ugrunda söweşenleriň, şol sanda Gökdepe söweşiniň, Beýik Watançylyk Urşunyň we Aşgabat ýer titremesiniň gazaply pursatlary ynsan kalbynda bitmez ýara galdyrdy. Öwezini dolup bolmajak ýitgä sezewar eden ýer tiremesinde döwlet Baştutanymyzyň garry atasy, 1941 – 1945-nji ýyllaryň söweş meýdanlarynda gahrymançylyk görkezen, ilhalar ynsan, ussat mugallym we tutuş ömrüni ýaşlary terbiýelemäge bagyşlan Berdimuhamet Annaýewiň hem ömür tanapyny kesdi.

Çeper NAZARGYLYJOWA
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň magistranty, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.
Beýleki habarlar