Keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz

31 Oktýabr 2024
520

Golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň şan-şöhratynyň bütin dünýä dabaralanmagyna uly goşant goşýan gelin-gyzlarymyzyň uz barmaklaryndan döreýän jahana nusgalyk türkmen keşdeçilik sungatyny wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilelikde yglan eden «Türkmen keşdeçilik sungaty – milli mirasymyz» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Zenanlaryň başarnygyny we ukybyny açyp görkezmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşikde Arkadag hem-de Aşgabat şäherlerinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirilen deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolup, bäsleşigiň döwlet tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazanan zenanlar gatnaşdy.

Ogulgerek GANDYMOWA,
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar