Kitap — ylym-bilimiň çeşmesi

1 Oktýabr 2024
637

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nurana geljegimiziň eýeleri bolan ösüp gelýän ýaş nesilleriň döwrebap bilimli, ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly işler alnyp barylýar. Merdana halkymyz gadymy döwürlerden bäri kitaba, ylym-bilime uly sarpa goýýar. Şonuň üçin häzirki ajaýyp döwrümizde hem kitap okamak, bilim öwrenmek asylly ýörelge hökmünde mynasyp dowam etdirilýär. Biz muňa köp sanly golýazma çeşmelerinden hem, akyldarlarymyzyň, meşhur şahsyýetlerimiziň edebi mirasyndan hem anyk göz ýetirýäris. Munuň özi kitap we kitap okamagyň nesil terbiýesinde hem uly orun eýeleýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Hakykatdan-da, pähim-paýhasy özüne siňdiren ajaýyp kitaplar, akyldarlarymyzyň, meşhur şahsyýetlerimiziň baý döredijiligini, edebi mirasyny özünde jemleýän eserler bu günki gün ruhy hazynamyza öwrüldi. Ýurdumyzda milli medeniýete, sungata we edebiýata uly hormat-sarpa goýulmagy netijesinde, ylym-bilim ulgamy we ugurdaş ugurlar häzirki döwürde belent sepgitlere ýetdi. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýip belleýär. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri biziň üçin ýol-ýörelge, nusgalyk mekdep bolup durýar.

Jumanazar BATMANOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar