Sporta şan berýär türkmen diýary

30 Sentýabr 2024
379

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024

Be­den­ter­bi­ýe we sport jem­gy­ýe­tiň sag­dyn­ly­gy­ny üp­jün ed­ýän gym­mat­lyk­dyr. Jem­gy­ýe­tiň aba­dan­çy­ly­gy­ny, döw­le­tiň gül­läp ösü­şi­ni üp­jün et­mek­de be­den­ter­bi­ýä we spor­ta wa­jyp orun de­giş­li­dir. Dün­ýä de­re­je­sin­de bu ugur­la­ry ös­dür­mek, ila­tyň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­me­gi­ni ga­zan­mak, hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­ny gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan giň ge­rim­li iş­ler hem bu ha­ky­ka­ty do­ly tas­syk­la­ýar. Ber­ka­rar ýur­du­myz­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti­ne nu­ra­na gel­je­gi­mi­ziň eýe­le­ri bo­lan ýaş ne­sil­le­riň be­den we ru­hy taý­dan kä­mil­li­gi­ni ga­zan­mak­da mö­hüm şert­le­riň bi­ri hök­mün­de ga­ral­ýar. De­giş­li ugur­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty ra­ýat­la­ryň dur­mu­şy­nyň hi­li­ni go­wu­lan­dyr­ma­ga, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ke­ma­la ge­tir­mä­ge, be­den we ru­hy taý­dan kä­mil nes­li ter­bi­ýe­le­mä­ge, hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ryn­da üs­tün­lik­li çy­kyş ed­ýän tür­gen­le­ri taý­ýar­la­ma­ga gö­nük­di­ril­ýär.

Merdan AKMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar