Ajaýyp sowgat

29 Awgust 2024
519

Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde ykdysady taýdan kuwwatly, ählitaraplaýyn durnukly ösýän döwletleriň hatarynda özüni tanadýar. Döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän çuňňur oýlanyşykly syýasatynyň netijesinde milli bilim ulgamy dünýä standartlaryna laýyk derejede kämilleşdirilýär. Birinji synpa baryp, bilim dünýäsine gadam basýan körpe raýatlaryň her birine noutbuk kompýuterleriniň hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgat hökmünde gowşurylmagy hem ýaş nesliň kiçilikden döwrebap düşünjeli, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan adamlar bolup ýetişmegi ugrundaky aladanyň nyşanydyr. Ildeşlerimiz ýaş nesliň bilimli, sowatly, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi ugrundaky döwletli işleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Milli Liderimize çäksiz alkyş aýdýarlar.

Baýram ŞÜKÜROW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Aşgabat şäher müdirliginiň döwlet bellige alyjysy, 1-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar