Onlaýn çeşmelerini ulanmagyň aýratynlyklary

20 Awgust 2024
642

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi, etrabyň aragatnaşyk bölümi bilen bilelikde guramagynda Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan esasy maksatlary we wezipeleri hem-de internet torunyň ösdürilmegi we peýdalanylmagy babatda işi düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryny düşündirmek maksady bilen «Sanly tehnologiýa we kiberhowpsuzlyk» atly şygar bilen etrabyň pagta arassalaýjy kärhanasynyň işgärleriniň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Çärede ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň hem-de aragatnaşyk bölüminiň işgärleriniň çykyşlary diňlenildi. Çykyşlarda häzirki wagtda internetiň durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülendigi, aragatnaşyk, iş, güýmenje we başga-da köp maksatlar üçin ulanylýandygy dogrusynda, şeýle-de interneti ulanmagyň amatlylygy bilen bir hatarda howplary, maglumatlaryň gizlinligini bozmak we şuňa meňzeş howplaryň hem ýüze çykýandygy, şeýle-de internet arassaçylygynyň düzgünlerini berjaý etmek we onlaýn çeşmeleri ulanmagyň tertibi barada düşündirildi. Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýetiň esasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, milli ykdysadyýetiň pudaklaryň sanly ulgamlaryň giňden ornaşdyrylmagy arkaly alnyp barylýan işleriň çäklerinde yzygiderli okuw we terbiýeçilik işlerini has-da dowamly kämilleşdirmek, şeýle hem ýaş nesliň kiberhowplardan, kiberhüjümlerden sosial «Kibermedeniýet» sungatyny öwrenmek baradaky täsirli gürrüňleri diňleýjileri has-da özüne çekdi.

Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar sanly tehnologiýalary içgin öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.

Gülşirin GAÝYPOWA,
TMÝG-niň Akdepe etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar