Il saglygy — ýurt baýlygy

14 Awgust 2024
477

Ata-babalarymyzyň «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähimi giň many-mazmuny özünde jemleýär. Bu dürdäne jümle ýurduň iň esasy baýlygynyň raýatlarynyň saglygydygyny öňe sürmek bilen birlikde, halky sagdyn bolan ýurtda agzybirlikli zähmetiň netijesinde uly ösüşleriň gazanylýandygy, onuň baý ýurda öwrülýändigi baradaky pikir-garaýyşlary hem özünde jemleýär. Şol esasdan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen eziz Diýarymyzda halkyň saglygyny goramak babatda alnyp barylýan işler pederlerimizden miras galan pähimiň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär diýip, buýsanç bilen aýdyp bileris.

Halkyň saglygyny goramak üçin bolsa, ilkinji nobatda, saglygy goraýyş ulgamynda uly ösüşleri gazanmagy üpjün etmek zerurlygy öňe çykýar. Häzirki wagtda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş desgalarynyň ähli taraplaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna, olara iň gowy innowasion tehnologiýalaryň, dünýä tejribesiniň we ylmyň gazananlarynyň işjeň ornaşdyrylmagyna aýratyn uly ähmiýet berilýändigi guwandyryjydyr. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk edaralary, ylmy-barlag merkezleri bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň esasynda dürli keselleri anyklamakda, bejermekde lukmanlarymyzyň uly tejribe toplandyklaryny bellemek aýratyn ýakymlydyr.

Nazdurdy HANDURDYÝEW,
welaýat «Ene mähri» merkeziniň stomatolog lukmany, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.
Beýleki habarlar