Arkadag şäheri — belent sepgitlerimiziň nyşany

1 Iýul 2024
47

Mälim bolşy ýaly, 29-njy iýunda iň täze taryhymyza möhüm sahypa bolup ýazylan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň açylmagyna bir ýyl doldy. Bu şanly waka mynasybetli şol gün täze şäherde dabaraly çäreler we baýramçylyk maslahaty geçirildi.

Ilkinji nobatda, Arkadag şäherinde ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryna göçüp gelen ýaşaýjylaryň jaý toýuny tutandyklaryny bellemek gerek. Bu ýerde hakyky baýramçylyk ýagdaýy emele geldi, aýdym-sazlar ýaňlandy. Döredijilik toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler. Täze jaýlara göçüp gelenler ýaşaýjylar üçin iň ýokary rahatlygy üpjün edýän «akylly» öý tehnologiýalarynyň artykmaçlyklary barada buýsanç bilen gürrüň berdiler. «Akylly» öý tehnologiýalary ulanylyp gurlan 5, 7 we 9 gatly, köp öýli ýaşaýyş jaýlary, 2 gatly kottejler Arkadag şäheriniň aýratynlygydyr. Munuň özi öýi dolandyrmagyň intellektual ulgamydyr. Ol internet tory arkaly öýleriň durmuş üpjünçiliginiň, howpsuzlygynyň ähli ugurlarynyň awtomatik we sazlaşykly işini üpjün edýär.

«Nesil».
Beýleki habarlar