Il saglygy — ýurt baýlygy

29 Iýun 2024
25

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen ýurdumyzda berk binýatly saglygy goraýyş ulgamy döredildi we bu ugurda buýsançly öňegidişlikler gazanylýar.

Şu ýylyň dowamynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde öňdebaryjy lukmançylyk tehnologiýalary ornaşdyrylan döwrebap saglyk maksatly desgalaryň birnäçesi halkymyza ulanmaga berildi. Şol sanda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen bina bolan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda açylan saglygy goraýyş desgalarynyň ençemesi ilata hyzmat edýär. Olaryň mysalynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirligi, Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy, Saglyk öýi, «Tiz kömek» merkezi, Onkologiýa merkezi, Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasy, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, Saglygy goraýşyň awtoulaglar kärhanasy, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi halkymyzyň hyzmatyna berildi.

«Arkadag»
Beýleki habarlar